
Täzelikler
1121

2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Soňra, ikinji şerte laýyklykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýyly bilen baglanyşykly türkmen ýigidine mahsus edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezýän aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalar ýerine ýetirildi. Üçünji şertde bäsdeş ýigitler türkmen ýigidine mahsus bolan edep-ekramlylyk we şahandazlyk ýörelgelerine eýerip, milli wäşi lybasynda sahna bilelikde çykyp, olaryň her biri 1 (bir) minudyň dowamynda gezekli-gezegine degişmeleri, şorta sözleri şowly ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň beren utuklaryna laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mämmet Toýryýew bäsleşigiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti