
Täzelikler
55

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi» we «Türkmen ýaşlarynyň gazananlary» jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem «Maslahatly çözgüt» we «Expert consulting» işewürler kompaniýalarynyň gatnaşmagynda IT hünärmenleriniň taýýarlygyny ösdürmek boýunça forsaýt-sessiýa guraldy.
Çäre bilim edaralarynda IT hünärmenleriniň taýýarlygy bilen zähmet bazarynyň talaplarynyň arasynda bar bolan boşluklary ýüze çykarmaga gönükdirildi. Şu nukdaýnazardan hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw meýilnamalary we maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Guramaçylar bilermenleriň açyk pikir alyşmalaryny guramak üçin «Akwarium», «Dünýä kafesi» ýaly häzirki zaman usullardan peýdalandylar. Bu bolsa teklip edilýän çözgütleriň ähmiýetini hem-de olaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini netijeli bahalandyrmaga şert döretdi.
Çäräniň jemleri boýunça IT hünärmenleriniň taýýarlygy ulgamynda üýtgeşmeler boýunça Ýol kartasy işlenip taýýarlanyldy hem-de bilim ulgamy bilen işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygynyň täze görnüşleri mälim edildi. Şeýle-de, amaly ugurly bilimi güýçlendirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň IT zähmet bazary boýunça forsaýt-sessiýanyň geçirilmegi ýurduň 2026–2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek tapgyryna geçýändigini hem-de häzirki we geljekki iş berijileriň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli işgärlere bolan uly zerurlygy nazara alanyňda, örän wagtynda ädim bolup durýar.
Guramaçylaryň pikirine görä, forsaýt-sessiýalaryň yzygiderli geçirilmegi zähmet bazaryndaky üýtgeşmeleri yzarlamaga we ussat hünärmenleriň taýýarlyk işine wagtynda düzedişler girizmäge mümkinçilik berer.