
Täzelikler
34

2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Mertleriň mesgeni parahat diýar, toý toýlaýar beýik ýeňşiň şanyna» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda birnäçe söhbetdeşlikler teleýazgy edildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi.
Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty