
Täzelikler
47

2026-njy ýylyň maý aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýatynyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Nesillere nusga bolan gahrymanlar» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranynyň ýan ýoldaşy, Mary şäheriniň ýaşaýjysy Hemraýewa Husniýa, Beýik Watançylyk urşunda tylda zähmet çeken weteranlar, Mary şäheriniň ýaşaýjylary – Kulyýew Handurdy, Ýazgylyjowa Amanbibi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe tylda bolup geçen birnäçe wakalar barada çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda weteranlara ýadygärlik sowgatlar hem-de ter gül desseleri gowşuryldy. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty