
Täzelikler
39

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin döredilýän mümkinçilikler bilesigeliji ýaşlary has hem buýsandyrýar. Kämil, zehinli öňdebaryjy ýaşlary höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça III ders bäsleşigidir. Bäsleşikde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň maglumat tehnologiýalary programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 12-nji “A” synpynyň okuwçysy Ogultäç Aşyrowa III orna mynasyp boldy. Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesiteti bäsleşigiň ýeňijilerini onlaýn görnüşinde sylaglamak dabarasy geçirdi. Onlaýyn görnüşinde geçirilen bu dabara oňa gatnaşylarda uly täsir galdyr.
Ogultäç Aşyrowa mekdebiň ýokary derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ogulnäzik Kömekowanyň ýolbaşçylygynda 6-njy synpdan bäri türkmen dili we edebiýaty dersi bilen gyzyklanyp gelýär. Ol döredijilik bäsleşiklerinde, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň etrap, welaýat, döwlet tapgyrlarynda türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça baýrakly orunlary eýeledi. Zehinli okuwçy Ogultäç Aşyrowa şu ýyl mekdebi sap bäşlik bahalar bilen üstünlikli tamamlaýar. Geljekde ol ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girip, bilimini artdyrmagy maksat edinýär.
Ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň döretmegi, bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gyzylarbat etrap bilim bölümi