
Täzelikler
894

Aşgabat şäherindäki Döwletliler köşgüniň çagalary we bilim ulgamynyň işgärleri 2026-njy ýylyň 28-30-njy apreli aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen “Türki dünýäsiniň çagalar oýunlarynyň festiwalyna” gatnaşdylar. Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Demirgazyk Kiprden, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýe Respuiblikasynyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň şadyýan çagalyk dünýäsiniň şatlyk-şowhunyna beslenip geçen bu ajaýyp festiwal Türki döwletler birleşmesiniň ýardam etmeginde Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrligi tarapyndan gurnaldy. Festiwalyň açylyş dabarasy we esasy çäreleri Stambul şäherindäki XVIII asyra degişli bolan taryhy binada ýerleşýän, şäheriň medeni we bilim merkezi hökmünde hereket edýän Rami kitaphanasynda geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministiniň orunbasary Ömer Faruk Ýelkençi açylyş dabarasynda eden çykyşynda bu festiwalyň özüniň gözbaşlaryny taryhy umumylyklary bolan müňýyllyklara alyp gaýdýan, şol bir wagtda çagalary halkyň milli medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşykly ösdürmekde gadymylygy hem-de netijeliligi, uly terbiýeçilik we bilim ähmiýeti bilen aýratyn orun alýan türki dünýäsiniň milli çaga oýunlaryny dünýä ýaýmak, çaga oýunlarynyň üsti bilen türki döwletleriň çagalarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, çagalara ýaşlykdan taryhy kökleri birlikden dörän medeniýetleri, ruhy gymmatlyklary öwrenmeklige ýardam bermek maksady bilen ilkinji gezek geçirilýändigini belledi.
Rami kitaphanasynyň çägindäki meýdançalarda depesinde festiwala gatnaşyjy döwletleriň baýdaklary dikilen ak öýleriň öňünde we içerisinde çagalaryň döredijilik hem-de el işleri, milli oýunlary oýnamakda ulanylýan gurallar, ýurtlaryň medeni aýratynlyklaryny görkezýän dürli görnüşli maddy gymmatlyklar, kitap sergileri, milli tagamlar sergilendi, türki dünýäsine mahsus bolan çaga oýunlary, oýun görnüşli milli tans çykyşlary ýerine ýetirildi, milli saz gurallarynda aýdymlar aýdyldy, sazlar çalyndy. Üç günüň dowamynda Stambul şäheriniň uly we kiçi ýaşly ýaşaýjylaryna, şäheriň myhmanlaryna türki dünýäsiniň çagalar oýunlaryna, dürli görnüşli döredijilik çykyşlaryna tomaşa etmäge, bilelikde oýnamaga we öwrenmäge, hödür edilýän milli tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi. “Türki dünýäsiniň çagalar oýunlarynyň festiwalyna” gatnaşýan Döwletliler köşgüniň çagalarynyň oýnan “çilik”, “ýaglyga towusdy”, “ýüzükbukdy”, “aýterek-günterek”, “gözdaňdy”, “çopan bilen möjek”, “düzzüm”, “bäşdaş”, aşykly oýnalýan “jikge-tükge”, “üçem” ýaly türkmen milli çaga oýunlary hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistandan festiwala gatnaşýan bilim işgärleri bu milli çaga oýunlarynyň taryhy, oýnalyş düzgünleri we çagalaryň ösüşi üçin ähmiýeti, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmekde türkmen milli çaga oýunlarynyň tutýan orny barada gyzykly maglumatlar berdiler. Türkmen milli çaga oýunlary bilen utgaşyklylykda Döwletliler köşgüniň çagalary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen “Küştdepdi”, “Ýelpeselendi”, “Garaşsyzlyk bagynda” ýaly aýdym-sazly çykyşlar festiwala gatnaşyjylar tarapyndan uly şowhun bilen garşy alyndy. Festiwalyň geçirilen günlerinde Türkmenistanyň ak öýüniň ýany köp adamly boldy.
Festiwalyň geçen günleriniň dowamynda “Türki dünýäsiniň çagalar oýunlarynyň festiwalyna” gatnaşan çagalar üçin Stambul şäheriniň taryhy we gözel ýerlerine guralan gezelençler hem täsirli boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi