
Täzelikler
747

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde prokuratura we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda talyp gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre, ýaşlaryň arasynda kukuk terbiýesini we jemgyýetçilik borçlaryny berjaý etmegini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.
Çäräniň dowamynda, çykyş edenler ýaşlara kanunlary we düzgünleri düzgünli berjaý etmegiň diňe bir döwlet üçin däl, eýsem, her bir raýat üçin nähili möhümdigini düşündirdiler.
Mundan başgada hukuk we jemgyýetçilik meselelerinde ýaşlara ýol görkeziji bolup, olaryň jogapkärçilik duýgusyny güýçlendirmäge ýardam berjek we hukuklaryny we jogapkärçiliklerini doly düşünip, bu düzgünleriň jemgyýetde has giňden kabul edilmegini üpjün etmegiň ähmiýeti bellenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän ähli şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.