
Täzelikler
835

Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary S.Hojaniýazowa we R.Miriýewa Russiýa Federasiýasynyň Ufa döwlet nebit tehniki uniwersiteti tarapyndan talyplaryň arasynda guralan «Ekologiýa howpsuzlygy» atly halkara olimpiadada ikinji orny eýelediler. Bu barada institutyň saýtynda habar berildi.
Talyp gyzlaryň bu üstünlige ýetmeginde bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy, ylmy ýolbaşçy H.A.Kazakowa uly ýardam berdi.
Gazanylan bu üstünlik mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň agronomçylyk fakultetinde dabaraly çäre geçirildi. Ýeňiji bolan talyplara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýokary okuw mekdebindäki ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.