
Täzelikler
870

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işi häzirki wagtda täze belentliklere göterilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yzygiderli guralýan ders bäsleşikleri talyplaryň intellektual derejesini we hünär taýýarlygyny barlamakda esasy gural bolup hyzmat edýär.
Bäsleşigiň Balkan welaýatynyň çägindäki orta hünär okuw mekdepleriň “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň binasynda jemlenip döwlet tapgyryna online tertipde gatnaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasyp bolup, mekdebimiz bu çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanmagy bu bilim ojagynyň abraýynyň subutnamasydyr.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, bäsleşik ýöriteleşdirilen platformalar we göni wideoaragatnaşyk arkaly amala aşyryldy.
Bäsleşigiň Döwlet tapgyryna Balkan welaýatyndan “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, Balkan lukmançylyk mekdebi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi we “Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň” Türkmenbaşy şäheriniň deňizçilik orta hünär okuw mekdepleri gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ulgamyň işini döwrebap derejede guralmagy, oňa innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrmagy, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny bir agyzdan aýtdylar.