
Täzelikler
863

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirer.
Bäsleşige Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşik türkmen, iňlis we rus dillerinde iki tapgyrda geçirilýär. Gatnaşyjylara aşakdaky alty ugurdan birine degişli ylmy işlerini hödürlemek teklip edilýär: Açlygy ýok etmek; Arassa suw we arassaçylyk; Elýeterli we arassa energiýa; Howanyň üýtgemegine garşy göreş; Deňiz ekologik ulgamyny gorap saklamak; Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak.
Birinji tapgyrda awtorlar ýa-da iki awtordaş 10-njy maýa çenli öz ylmy taslamalaryny Merkezi guramaçylyk iş toparyna science.tm2024@gmail.com elektron poçtasy arkaly ibermelidirler.
Iberilen işleriň iň gowulary bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alynar. Olar 20-nji maýda uniwersitetiň resmi saýty tohu.edu.tm-da çap ediler.
Bäsleşigiň ikinji tapgyry 1–5 iýun aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda talyplar öz ylmy taslamalaryny onlaýn görnüşde Merkezi guramaçylyk iş toparyň öňünde hödürlärler.
Ylmy işler aşakdaky ölçegler boýunça baha berler: döwrebaplylyk; täzeçillik we ylmylyk; beýan edişiniň yzygiderliligi; takyklyk we düşündirişiň aýdyňlygy; durmuşa ornaşyrmagyň mümkinçilikleri we önümçilik ähmiýeti; taslamanyň taýýarlanyş we bezeliş derejesi.
Bäsleşigiň netijeleri ähli baha ölçegleri boýunça toplanan ballaryň esasynda jemleniler. Bäsleşigiň ýeňijilerine I, II we III derejeli diplomlar hem-de S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň sowgatlary gowşurylar.
Bäsleşik barada goşmaça maglumatlar uniwersitetiň resmi saýtynda “Halkara bäsleşik – 2026” bölüminde ýerleşdirilendir.