
Täzelikler
364

Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi eýeçilik etdi. Bäsleşigiň onlaýn tertipde geçirilmegi we bu bilim ojagynyň esasy meýdança hökmünde saýlanmagy mekdebiň häzirki zaman mümkinçilikleriniň hem-de abraýynyň görkezijisidir. Bu barada okuw edaranyň saýtynda habar berilýär.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu bäsleşik ýöriteleşdirilen sanly platformalar we wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bäsleşigiň bäsdeşlik ukybyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň döwlet tapgyryna sebitiň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen birnäçe okuw mekdepleri, şol sanda Balkanabat nebitçilik mekdebiniň, lukmançylyk we sungat mekdepleriniň, maliýe-ykdysady hem-de deňizçilik orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Olar dürli dersler boýunça öz bilimlerini we ukyplaryny görkezdiler.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bilim ulgamy täze ösüş derejesine göterilýär. Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyplaryň hünär we intellektual başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen yzygiderli ders bäsleşiklerini guraýar.
Çärä gatnaşyjylar bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda we ýaşlara döwrebap bilim bermekde döredilýän şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.