
Täzelikler
879

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri 15 — 21-nji aprel aralygynda Indoneziýanyň Denpasar şäherinde geçirilen 2-nji Ählumumy durnuklylyk innowasiýa bäsleşigine gatnaşdylar. Bu abraýly halkara bäsleşige dünýäniň 12 döwletinden wekiller gatnaşyp, onda ýurdumyza oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Meretmuhammet Hojanepesow hem-de talyp ýaşlar Batyr we Ýaran Hudaýberdiýewler wekilçilik etdiler. Şeýle hem bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen bilelikdäki ylmy taslama hödürlenildi. Bu barada oba hojalyk uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmen wekilleri bäsleşige daşky gurşawy goramak ugruna degişli bolan «Gurak sebitler üçin awtonom Gün distillýasiýa ulgamynyň taslamasy we optimizasiýasy» atly innowasion işi bilen gatnaşdylar. Ýaş alymlaryň hödürlän ylmy taslamasy bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan ýokary baha mynasyp görüldi.
Halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça ýurdumyzyň wekilleri hormatly 2-nji orny eýelemegi başardylar. Gazanylan bu ajaýyp ýeňiş üçin ildeşlerimize diplomlar we kümüş medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijilere geljekki ylmy işlerinde täze üstünlikler arzuw edilýär.