
Täzelikler
862

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Innowasiýa tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Halkara tejribelerini öwrenmek, ylym-bilim ulgamyndaky döwrebap usullardan, täze innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaşlary taýýarlamakda ähli mümkinçilikler döredilendir. 2026- njy ýylyň maý aýynyň 1- de Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebinde 12-nji synp okuwçylary bilen Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Umumy himiýa” kafedrasynyň gurnamagynda kafedranyň uly mugallymy S.Abdylowa, mugallym A.Gurbanmyradowa “Hünärim bar – hormatym bar” atly temaboýunça okuw maslahatyny geçirdiler. Maslahatda Himiýa tehnologiýasy fakultetinde okadylýan hünärler we himiýa senagaty üçin gerek bolan hünärmenleriň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Ýokary okuw mekdebimizde talyplary täze innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, öz hünärine ökde, watansöýüji, zähmet söýer ýaşlary taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Geljekde mekdep okuwçylaryny hünärlere uýrukdyrmakda, özleriniň başarnyklary boýunça hünär saýlamaklarynda şeýle duşuşyk maslahatlaryň ähmiýetiniň ulydygyny bellemek gerekdir.