
Täzelikler
950

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri 23-nji aprelden 2-nji maýa çenli Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Saparyň esasy maksady öňdebaryjy öndürijilerden häzirki zaman enjamlarynyň işleýiş mümkinçiliklerini we ýörelgelerini öwrenip, olaryň nusgalaryny gurulýan Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň toplumynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe pudak kompaniýalaryna, şeýle hem ýurduň Şandun we Pekiniň mugallymçylyk uniwersitetlerine baryp gördiler. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen institutynyň wekilleri häzirki zaman bilim çemeleşmeleri barada jikme-jik düşünje aldylar hem-de institutyň ylmy we usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltjek öňdebaryjy halkara tejribäni öwrendiler.