
Täzelikler
916

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 27-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary Gülnabat Allanazarowa, Mamajan Haýtmuradowa, Bahar Orazowa institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Sport we diller-halkara ýaryşlarynda aragatnaşyk” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar we häzirki döwürde dünýäniň ähli ýurtlarynda halkara gatnaşyklarynyň, ylmy-tehnologik ösüşiň, sportyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegi bilen daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan hem bilim ulgamyny dünýä tejribesine laýyk ösdürmekde, ýaş nesli giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli we birnäçe daşary ýurt dillerinde erkin gürläp bilýän şahslary edip ýetişdirmekde uly tagallalar edýär diýip mugallymlar öz çykyşlaryny jemlediler.