
Täzelikler
1057

“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistan bilen Hytaýyň soňky ýyllar içindäki syýasy-diplomatiki gatnaşyklary, ilki bilen, üznüksizligi hem-de yzygiderliligi bilen möhüm ähmiýete eýedigi barada Tegelek stol söhbetdeşligini geçirdiler.
Çykyş edenler Türkmen-Hytaý gatnaşyklarynyň täze sahypasy dogrusynda söhbet etdiler. Türkmen we hytaý halklarynyň gatnaşyklarynyň sene ýazgysy özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Hytaý Halk Respublikasy dünýäniň ykdysady we senagat taýdan ösen ýurdydyr, onuň giň möçberli we geljegi uly bolan bazary bar. Ýangyç-energetika pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny öňküsinden-de pugtalandyrar. Çünki, Bitarap Türkmenistany dünýäde nusgalyk ýurda öwürmek ugrunda çekilýän agzybir zähmetiň durmuşymyzy özgerdýänligini buýsançly bellediler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti