
Täzelikler
977

Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda, 21-nji maýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty baýramçylyk mynasybetli «Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Maslahaty dört sany esasy ugruň çäginde geçirmek meýilleşdirilýär: binagärlik we gurluşyk innowasiýalary, döwrebap materiallar we ösen tehnologiýalar; binagärlik, dizaýn, şähergurluşyk we ilatly ýerleriň meýilleşdirilişi; sanly tehnologiýalaryň gurluşykda we binagärlikde ornaşdyrylmagy, gurluşygyň ykdysadyýeti; gurluşykda ekologiýa, durmuş howpsuzlygy we alternatiw energiýa çeşmeleri.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak isleýänler guramaçylyk komitetine 15-nji maýa çenli hasaba alyş sowalnamasyny, şeýle-de tsaci.conferens@gmail.com; ylym.tdbgii@gmail.com elektron poçta boýunça taýyn görnüşde tezis we annotasiýa ugratmaly.
Çäre hakynda giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirilendir we (+99365) 02-97-86; (+99365) 50-67-58; (+99312) 28-18-03; (+99312) 28-18-04 telefon belgileri arkaly elýeterlidir.