
Täzelikler
1041

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda geçirilen ders olimpiadalarynyň jemleri jemlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça 24 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy. Dört ders ugrunyň her biri boýunça 6 okuwçy ýeňiji diýlip yglan edildi.
Matematika boýunça birinji orny Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 12-nji mekdebiniň okuwçysy Şyraly Meredow eýeledi. Ikinji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy mekdebiniň okuwçysy Bilbil Hanowa we Balkan welaýatynyň 2-nji mekdebiniň okuwçysy Yhlas Annameňliýew mynasyp boldy. Üçünji orny Mary welaýatynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurly dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän 12-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçylary Aýşat Işangulyýewa, Myrat Meretdurdyýew we Şatlyk Guwanjow paýlaşdylar.
Fizika boýunça birinji orun Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 31-nji mekdebiň okuwçysy Bahargül Gurbannazarowa berildi. Ikinji orny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky iňlis dili we takyk ylymlar çuňlaşdyrylyp öwredilýän 45-nji mekdebiň okuwçylary Nurana Narmuhammedowa we Aýgözel Jepbargulyýewa eýelediler. Üçünji orna Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 18-nji mekdebiň okuwçylary Kakageldi Söhbedow bilen Öwezgeldi Gadamow, şeýle hem Mary şäherindäki 24-nji zehinli çagalar mekdebiniň okuwçysy Leýli Batyrowa mynasyp boldy.
Himiýa boýunça birinji orna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyň okuwçysy Rüstem Jumaýew mynasyp boldy. Ikinji orny Mary şäherindäki 24-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçysy Döwlet Durdylyýew hem-de Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 2-nji mekdebiniň okuwçysy Leýli Garlyýewa eýelediler. Üçünji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy mekdebiniň okuwçysy Mähri Hojalyýewa, Türkmengala etrabynyň 2-nji mekdebiniň okuwçysy Süleýman Annalyýew we Murgap etrabynyň 19-njy mekdebiniň okuwçysy Mährijemal Berdiýewa mynasyp boldular.
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça iň gowy bilim görkezen okuwçylar hökmünde: birinji orna Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 37-nji mekdebiniň okuwçysy Maksat Şajykow, ikinji orna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 24-nji mekdebiniň okuwçysy Yhlas Gurbanmuhammedow hem-de Daşoguz şäheriniň 21-nji mekdebiniň okuwçysy Atageldi Allaberenow, üçünji orna bolsa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 32-nji mekdebiniň okuwçysy Kakageldi Hommadow, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 132-nji mekdebiň okuwçysy Berdimyrat Akköşekow we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 65-nji mekdebiniň okuwçysy Abdulla Saparmyradow mynasyp boldular.