
Täzelikler
1052

2026-njy ýylyň maý aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gaznylan Ýeňiş güni mynasybetli Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy, Uruş weterany, pensioner Aýdogdy Amadyýewiň maşgalasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda institutyň jemgyýetçilik guramalary Uruş weterany Aýdogdy aga Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlaryny we ter gül desselerini gowşurdylar, soňra bolsa uruş weterany bilen söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty