
Täzelikler
884

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 6-njy maýda ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslamanyň V möwsüminiň jemleýji tapgyry boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Final oýnunyň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.
I orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow mynasyp boldy.
II orun Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanowa berildi.
III orna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa mynasyp boldy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diplomlary, medallary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Baş baýragyň eýesine bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.