
Täzelikler
818

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda açyk sapak geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara telekeçiligiň içki gurluşyny, wezipeleriň netijeli paýlanyşy we jogapkärçiligiň takyk kesgitlenmeginiň kompaniýanyň ösüşine nähili täsir edýändigi barada gymmatly maglumatlar berildi. Belläp geçilişi ýaly, her bir üstünlikli kompaniýanyň binýady anyk kesgitlenen wezipelerden, düşnükli jogapkärçilikden we deňagramly paý gurluşyndan ybaratdyr.
Kadyrberdi Nurberdiýew öz çykyşynda telekeçilikde köp halatlarda tertip-düzgüniň we dolandyryş ulgamynyň ýok ýerinde üstünligiň bolmaýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de ol dogry gurluşyň döredilmegi bilen islendik pikiriň durnukly we dolandyrylýan ulgama öwrülip bilýändigini mysallar arkaly düşündirdi.
Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, amaly maslahatlary aldylar. Bu bolsa çäräniň diňe nazaryýeti bilen çäklenmän, eýsem amaly taýdan hem ähmiýetlidigini görkezdi.