
Täzelikler
997

2026-njy ýylyň maý aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Fulbright» maksatnamasynyň çäklerinde Trening okuwy gecirildi. Trening okuwy mynasybetli institutyň goşmaça okuw binasynyň eýwanynda ylmy we taslama işlerini ýaýwaňlandyrýan sergi gurnaldy. Okuwyň dowamynda ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň Denwer şäherindäki Çarter telekommunikasiýa edarasynyň Dizaýn tehnologiýasy we ulanyş tejribesi boýunça bilermen Samuel Deýwis institutyň mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna Energetika ulgamynda emeli aňyň ulanylmagy we olaryň aýratynlyklary boýunça çykyş etdi. Daşary ýurtly bilermen bilen institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary Energetika ulgamynda emeli aňyň ulanylmagy bilen bagly birnäçe sorag-jogap alyşdylar. Okuwyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty