
Täzelikler
909

2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy G.Akmyradowanyň we mugallymlary B.Annasähedowyň, A.Alaşaýewanyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylaryň arasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli iňlis dilinde “The Great Victory is the greatest celebration of peace, courage, and unity in human history” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda 1941-1945-nji pajygaly ýyllarda mertlerçe söweşip gahrymanlyk görkezen şahslar barada olaryň edermenlikleri, watan üçin, il-ýurt üçin janyny aýaman gurban eden adamlar barada täsirli çykyşlar etdildi.
Duşyşyga gatnaşyjylar dünýäň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.