
Täzelikler
894

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okuw-usuly binýadyny kämilleşdirmek hem-de ýaş nesliň amaly başarnyklaryny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Okuwçylarda zähmete söýgi, döredijilik ukyplary we tehniki pikirlenme endiklerini kemala getirmek bu ugurdaky möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan synplarynda zähmet dersi boýunça okuw kitaplarynyň täze neşirleriniň üstünde işlenilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan V synpy üçin «Технический труд» okuw kitaby (awtorlar: B.Geldiýew, Ý.Sotnikowa, A.Çaryýewa – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026 ý.) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyp, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.
Okuwçylar sapaklaryň dowamynda palçyk bilen işlemek we dürli önümleri taýýarlamak tehnologiýasy bilen tanşarlar, agajyň häsiýetlerini we ulanylyş aýratynlyklaryny öwrenerler, şeýle hem agaç önümlerini taýýarlamakda ulanylýan el gurallary bilen işlemek endiklerini ösdürerler. Okuw kitabynda howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine hem aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi