
Täzelikler
917

Sungat ýaş nesliň ruhy we medeni terbiýesinde möhüm orun eýeleýär.Ol adama ýatdan çykmajak täsirleri bagyş edýär, estetiki dünýägaraýşy ösdürýär hem-de Watana, ene topraga we milli däp-dessurlara bolan söýgüni terbiýeleýär. Sungata düşünýän we oňa sarpa goýýan her bir adam öz halkynyň baý medeni mirasyna has çuňňur düşünýär we ony geljek nesiller üçin gorap saklamaga çalyşýar.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň rus dilinde okadylýan V synpy üçin “Изобразительное искусство” okuw kitaby (awtorlary: W.Amangeldiýew, B.Akyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitaby döwrebaplygy bilen tapawutlanýar we ol okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, okuwçylaryň çeper pikirlenmesini ösdürmäge, döredijilige bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga we olary türkmen halkynyň medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Okuw kitaby dört bölümden ybarat: “Öz halkymyň sungaty”, “Halkymyzyň amaly-haşam sungaty”, “Halkymyzyň şekillendiriş sungaty”,“Dünýä suratkeşleriniň işlerinde adamyň we tebigatyň keşbi” atly bölümler ýerleşdirilipdir.
Türkmen halkynyň köp asyrlyk däplerini özünde jemleýän milli sungaty öwrenmegiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Halylardaky we keşdelerdeki täsin nagyşlar, ussat zergärler tarapyndan döredilen nepis şaý-sepler milli medeni mirasyň gymmatly hazynasydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli sungaty ösdürmek, ony dünýä ýaýmak, özboluşlylygyny gorap saklamak we baý däp-dessurlary ýaş nesillere ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi