
Täzelikler
982

Baýramçylyk konserti okuwçylary, mugallymlary, ene-atalary we hormatly myhmanlary halkyň gahrymançylykly edermenligine, söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine hem-de ýeňiş gazanan nesle bolan çuňňur hormat-sarpa ruhunda birleşdirdi.
Dabara Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik eserlerinden ruhlanan many-mazmuny, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, taryhy hakydany gorap saklamaga gönükdirilen çuňňur ähmiýeti bilen tapawutlandy.
Çäräniň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Täjewna Rustemowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, şeýle hem medeniýet işgärleri boldular. Olaryň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyryp, ýaş nesliň watançylyk terbiýesiniň we taryhy hakydanyň möhüm ornuny aýdyň görkezdi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň, frontçularyň mertliginiň we tylda zähmet çekenleriň edermenliginiň halkyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly tagallalary netijesinde ýaş nesliň parahat, bagtyýar we döredijilikli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi aýratyn bellenildi.
Konsert maksatnamasy many-mazmunynyň çuňlugy we döredijilik çykyşlarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Okuwçylar watançylyk aýdymlaryny, hor eserlerini, uruş ýyllarynyň goşgularyny, edebi-sazly sahnalary we tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Uruş ýyllarynyň ilkinji günlerine, frontdan gelen hatlara we şol agyr ýyllarda arzuwlary puja çykan ýaşlaryň ykbalyna bagyşlanan sahnalar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Çärä Gahryman Arkadagymyzyň “Durnalar” atly goşgusy aýratyn ruhy çuňluk we many-mazmun berdi. Şeýle hem okuwçylaryň ýerine ýetirmeginde “Жди меня”, “Землянка”, “Катюша”, “Смуглянка” we “День Победы” ýaly meşhur eserler ýaňlandy. “Durnalar” we “Urşsuz dünýä” atly tans kompozisiýalary konsertiň bezegi bolup, ýagty ýatlamany, gynanç duýgusyny we parahat geljege bolan ynamy özünde jemledi.
5–12-nji synp okuwçylary ýokary taýýarlygyny, artistik ussatlygyny we çäräniň mowzugyna bolan çuňňur garaýşyny görkezdiler. Dabaranyň ahyrynda Beýik Watançylyk urşy baradaky hatyranyň her bir nesliň ýüreginde ýaşamalydygy, weteranlaryň gahrymançylykly edermenliginiň bolsa mertligiň, çydamlylygyň we Watana bolan çäksiz söýginiň baky nyşany bolup galjakdygy nygtaldy.