
Täzelikler
580

Tokioda şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti bilen Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn uniwersitetara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki meseleleri we geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk 2015-nji ýylda iki ýokary okuw mekdebiň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama esaslanyp, özara bähbitli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar akademiki alyş-çalyşlary giňeltmek, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny ösdürmek, ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we ýokary hünärli halkara hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmak barada pikir alyşdylar.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ynsanperwer we bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolan talyplar we mugallymlar üçin akademiki hereketlilige aýratyn üns berildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhliýew ýapon hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli häsiýetini nygtady we bilimiň hilini ýokarlandyrmak, talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek we halkara akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bilelikdäki maksatnamalaryň möhümdigini belledi.
Duşuşykda türkmen tarapy 2017-nji ýyldan bäri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 11 talybyň Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde talyp alyş-çalyş maksatnamalarynyň çäginde bilim alandygyny belledi. Talyplaryň halkara bilim maksatnamalaryna gatnaşmagynyň hünär başarnyklarynyň ösmegine, daşary ýurt dillerini çuňňur bilmegine, döwrebap bilim çemeleşmeleri bilen tanyşmagyna we iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky medeniýetara dialogyň pugtalanmagyna goşant goşýandygy nygtaldy.
2016-njy ýyldan bäri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hereket edýän Global Ýapon ofisiniň işi aýratyn bellenildi. Ofisiň işiniň türkmen-ýapon bilim, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy. Global Ýapon ofisi bilim, maglumat we medeni başlangyçlar arkaly Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär, akademiki gatnaşyklary pugtalandyrýar, ýapon dilini we medeniýetini wagyz edýär, şeýle hem halkara alyş-çalyş we hünär ösüşi ugurlarynda talyplar we mugallymlar üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.
Gepleşikleriň dowamynda ynsanperwer we bilim ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň esasy faktory hökmünde ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Iki uniwersitetiň wekilleri bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň döwrebap bilimlere we halkara tejribesine eýe bolan bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşykdan soň, taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak we uzak möhletli hem-de netijeli uniwersitetara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti