
Täzelikler
111

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde temmäkä garşy göreşmek we onuň zyýanly täsirleriniň öňüni almak barada öwüt-ündew duşuşygy guraldy. Bu çäre ýurdumyzda maý aýynyň dowamynda geçirilýän temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyk meýilnamanyň çäginde amala aşyryldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda uly işler bitirilýär. Uniwersitetiň talyplaryna temmäkiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi.
Şeýle hem ýurdumyzda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Bu resminamalar Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmekde möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.