
Täzelikler
114

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan --- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 6-11-nji maýy aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Gündogaryň merjeni” atly Aziýanyň açyk çempionatyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde türkmen ylmynyň we biliminiň halkara derejesindäki abraýy ýene-de bir gezek belentden dabaralandy. Özbegistan we Germaniýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag merkezinde onlaýn arkaly geçirilen "Ylym we innowasion bilim: Ählumumy ösüş strategiýalary" atly halkara ylmy-amaly maslahat dünýäniň ylym adamlaryny we öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemledi.
Dürli pudaklara degişli ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň täzeçil usullaryna, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyna we ylmyň iň soňky gazananlaryna bagyşlanan bu onlaýn forumda Türkmenistana wekilçilik eden Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow özüniň manyly çykyşy bilen hemmeleriň ünsüni çekmegi başardy.
Halkara derejesindäki bu ylmy maslahatda Nowruzälem Gurdow milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde we ýaş nesillere bu gadymy hünäriň inçe syrlaryny öwretmekde häzirki zaman pedagogikasy bilen asyrlar aşyp gelýän tejribeleri utgaşdyrmagyň kämil usulyýetini beýan etdi. Atçylyk akademiýasynda talyp ýaşlara berilýän bilimiň döwrebaplygy, seýisçilik sungatynyň ylmy esasda kämilleşdirilmegi baradaky çykyş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň eminleri tarapyndan uly gyzyklanma we ýokary baha bilen garşylandy.
Mugallymyň hünärine bolan çuňňur söýgüsi, ýaş nesli terbiýelemekde görkezen işjeňligi we ylym dünýäsine goşan goşandy nazara alnyp, ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň "Öz hünäriniň ussady" diýen hormatly adyna hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumyna mynasyp görüldi. Bu abraýly sylag diňe bir hünärmeniň zähmetine berlen baha bolman, eýsem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bilim ulgamynda we atçylyk sungatynda gazanylýan uly üstünlikleriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmesidir. Nowruzälem Gurdowyň gazanan bu üstünligi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň, türkmen mugallymlarynyň bolsa dünýä derejesindäki ylmy bäsleşiklerde öz mynasyp ornuny alýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.