
Täzelikler
272

2026-njy ýylyň maý aýynyň 11-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary Mähri Rejepowa, Näzli Begjanowa, Merjen Baýramgulyýewa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň bilim we tehnologiýa bilen utgaşdyrylmagy” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Mugallymlar daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar diýip bellediler. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik adama saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýär diýip çykyşlaryny jemlediler.