
Täzelikler
79

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Halkara hyzmatdaşlyk” atly tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, uniwersitetiň mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda gepleşik ýazga geçirildi.
Mejlisiň deputaty we uniwersitetiň mugallymlary özleriniň çykyşlarynda 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde uly şowhunly ýagdaýda geçirilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna ýylda 10 mlrd m3 harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berilmegine ýurdumyzyň iň iri energosyýasy wakalarynyň biridigini belläp geçip, bu taslamanyň Halkara hyzmatdaşlykda hem örän uly ornunyň bardygyny çykyş edýänler belläp geçdiler.
Talyplaryň bu taryhy gaz akymynyň hukuk derejesi barada Mejlisiň deputatyna soraglar arkaly ýüzlenip, Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän gaz akymynyň gurluşygy we Türkmen-Hytaý dost-doganlyk işleri barada gyzykly gürrüňler esasynda çykyş edýänler talyplara jogap bermek bilen gepleşigi ýazga geçirdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň energetika syýasaty diňe bir eksport möçberlerini artdyrmaga däl, eýsem ýangyç energetika toplumyny tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, çykyş edýänler uly buýsanç bilen Halkara hyzmatdaşlygyndaky ösüşleri hem belläp geçdiler. Ýurdumyzyň Halkara hyzmatdaşlygyny we taryhy wakalaryny wagyzetmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şular ýaly duşuşyklar giň gerimde geçirilýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti