
Täzelikler
52

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormatyň eýesi» diýen at bilen talyp gyzlaryň arasynda gyzykly bäsleşik geçirildi. Uniwersitetiň zenanlar guramasy tarapyndan guralan bu çäre milli däp-dessurlarymyzy we maşgala mukaddesligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge gönükdirildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.
Bäsleşik jemi üç şertden ybarat bolup, onda ene mertebesi we nesil terbiýesi esasy orunda durdy. Gatnaşyjylar birinji şertde ene hüwdüsiniň ähmiýeti barada gürrüň beren bolsalar, ikinji şertde enelere bolan söýgüsini çeper okaýyşlar we aýdym-sazlar arkaly beýan etdiler. Üçünji şertde bolsa talyplar öz eneleri üçin taýýarlan sowgatlaryny we olaryň sebäplerini düşündirdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edildi. Birinji orna dokma önümçiligi fakultetiniň talyby Ýazgül Kössekowa mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Güljahan Baýramowa hem-de Aýgül Babagulyýewa eýelediler.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan talyplara we işjeň gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan Hormat haty gowşuryldy. Bu çäre ýaşlaryň watançylyk we ahlak terbiýesini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.