
Täzelikler
281

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Halkymyzyň döwletliliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň belent nyşanlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramyň ähmiýeti dogrusynda çykyşlarda bellenildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty O.Durdymuhammedowanyň «Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dünýä ýüzünde tanalmagy», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy L.Hajyýewanyň «Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýeti», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi D.Nurmyradowyň «Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Kanunymyz – kalbymyzyň güýjidir» hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi N.Babaýewanyň «Baýdagymyz başymyzyň täjidir» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy