
Täzelikler
110

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzyň uçurym boljak 12-nji synp mekdep okuwçylary bilen hünär tanyşdyryş we düşündiriş duşuşyklary we açyk gapylar güni geçirildi. Onda mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda uniwersitetde talyp ýaşlara bilim we ylym berlişiniň aýratynlyklary, ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-taslama işleri, medeniýet babatda döredijilik işleri we sport çäreleriniň geçirilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Okuwçylar uniwersitetiň okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy, Bilimler dünýäsi we kibersport toplumy, Sport sagaldyş toplumy, kitaphana, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem Oguz han innowasion toplumynda ýerleşýän ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, degişli binalara aýlanyp gördüler. Uniwersitet bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra mejlisler zalynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda hünär tanyşdyryş we düşündiriş işleri geçirilip, mekdep okuwçylarynyň öňünde çykyşlar edildi. Şol bir wagtda ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan işleriň kiçiräk göçme sergisi hem gurnaldy. Mekdep okuwçylary we mekdep mugallymlary geçirilen duşuşyklar üçin minnetdarlyk bildirip, çäräniň özlerinde diýseň uly täsir galdyrandygyny aýtdylar. Mekdep okuwçylarynyň uniwersitet baradaky gyzyklanmasy örän ýokary boldy.