
Täzelikler
107

Mary welaýatynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek ugrunda döwrebap ädim ädildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde 2026-njy ýylyň maý aýynyň 8-ne gurnalan “Boş iş orunlaryň-hünärmenleriň ýarmarkasy” ýokary guramaçylykly geçirildi. Geçirilen çäre diňe bir iş gözleýänler üçin däl, eýsem telekeçilik ulgamy we döwlet edaralary üçin hem zerur bolan bäsleşige ukyply hünärmenleri almaga mümkinçilik berdi. Ýarmarkanyň dowamynda telekeçiler öz kärhanalaryndaky täze taslamalar üçin döwrebap pikirlenýän ýaş hünärmenler bilen tanyşdylar. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň birnäçesiniň zähmet bazarynda bildirilýän talaplara laýyk gelmegi bilen “Täze aý”, “Gerçek”, “Berk Ýüpek”, “Ýeňiş” ýaly birnäçe kärhanalar tarapyndan işe çagyryldy. Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan talyplara zähmet kanunçylygy we hünär ugrukdyrmasy boýunça maslahatlar berildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi