
Täzelikler
79

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 13-nji maýda Ylymlar güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Halkara foruma 24 ýurtdan gelen 100-den gowrak professor-mugallymlar, alymlar hem-de hünärmenler gatnaşdy. Türkmenistanyň 30 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan jemi 288 wekil gatnaşdy.
Maslahat mynasybetli uniwersitetde tematiki sergi guralyp, onda türkmen alymlarynyň, professorlar-mugallymlarynyň we talyplarynyň okuw-usuly, ylmy-barlag işleri boýunça gazanan ýokary netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikleri giňden görkezildi.
14-nji maýda iki günlük maslahat aşakdaky dört bölümçede öz işini dowam etdirdi:
I. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi;
II. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary;
III. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri;
IV. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň ylmy esaslary hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.
Halkara forumyň jemleri boýunça makalalaryň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny neşir etmek meýilleşdirilýär.