
Täzelikler
158

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa döwletine iş saparynyň dowamynda bilim, ylym we häzirki zaman bilim tehnologiýalary ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministriniň orunbasary Ýano Kazuhiko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow we Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň ylym işleri boýunça prorektory Nurmuhammet Şihlyýew hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, akademiki alyş-çalyşyň, şeýle hem, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Galyberse-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge webilim ulgamyna döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Iş saparynyň dowmynda Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň prorektory we “SPRIX” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda hem duşuşyk boldy. Ýeri gelende bellenilse, “SPRIX” Ýaponiýanyň öňdebaryjy bilim kompaniýalarynyň biri bolup, bilim tehnologiýasy, sanly çözgütler we hünärmenleri taýýarlamak pudagynda işleýän Ýapanaponiýanyň öňdebaryjy bilim kompaniýalarynyň biridir. 1997-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýa häzirki wagtda okuw merkezlerinden we onlaýn okuwdan başlap, sanly platformalaryň, synag ulgamlarynyň we baha beriş maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine çenli bilim hyzmatlarynyň giň toplumyny öz içine alýar.
SPRIX – häzirki zaman EdTech çözgütlerini, şol sanda CBT (Kompýuter esasly synag) ulgamlaryny, sanly synag we öwrenijileriň iş netijelerini seljermek üçin platformalary, şeýle hem programmirleme başarnyklaryny we sanly başarnyklaryny ösdürmek üçin maksatnamalary işjeň ornaşdyrýar. SPRIX kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen TOFAS ulgamy 50-den gowrak ýurtda ulanylýar we halkara standartlaryna laýyklykda esasy akademiki bilimleri bahalandyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem, bu kompaniýa okuw materiallaryny işläp düzýär, Emeli aň çözgütlerini bilim prosesine ornaşdyrýar, mugallymlary taýýarlaýar we döwrebap bilim platformalaryny döredýär. Ýaponiýada SPRIX bilim merkezleriniň iň uly operatorlarynyň we innowasion bilim maksatnamalaryny işläp düzýänleriň biri hökmünde tanalýar.
Kompaniýanyň halkara tejribesini we tehnologik mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, gazanylan ylalaşyklar häzirki zaman bilim ulgamynda bahalandyrma mehanizmlerini ornaşdyrmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň halkara bilim standartlaryna laýyklykda hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri açýar.
Şunlukda, Gepleşikleriň dowamynda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak, innowasion bilim çözgütlerini ornaşdyrmak we halkara standartlaryna laýyklykda bilim prosesini kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersiteti üçin synag ulgamyny ornaşdyrmak boýunça mugt synag taslamasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, taraplar halkara standartlaryna laýyklykda okuw maksatnamalaryny işläp düzmek we uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.
Ahyrynda bolsa taraplar gazanylan ylalaşyklaryň bilim, ylym we innowasiýa ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti