
Täzelikler
142

2026-njy ýylyň maý aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtumguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz- başymyzyň täjidir, Kanunymyz kalbymyzyň güýjüdir» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy barada, Döwlet baýdagynyň mukaddesligi barada we onda ýerleşdirilen şekilleriň her biriniň many-mazmuny barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Döwlet baýdagymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty