
Täzelikler
25

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada saparda bolýar. 14-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministriniň uly orunbasary Ýano Kazuhiko bilen duşuşugy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz resmi saýty arkaly habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek, türkmen talyplarynyň Ýaponiýanyň MEXT (Monbukagakusho) maksatnamasyna gatnaşygyny artdyrmak, Türkmenistan üçin aýratyn kwota ýa-da ýurt boýunça orunlary döretmek, STEM, inženerçilik, emeli aň we daşky gurşaw boýunça bilim ugurlaryny ösdürmek, Ýapon gaznasy we beýleki guramalar arkaly mugallymlary ibermek, Aşgabatdaky ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili merkezlerini döretmek, okuw kitaplary, sanly serişdeler bilen üpjün etmek we ýerli mugallymlar üçin taýýarlyk maksatnamalaryny guramak, ýapon tehniki bilim modellerini (KOSEN görnüşli kollejler) ornaşdyrmak, “akylly” synp tehnologiýalary, robototehnika we "ýaşyl" tehnologiýalar boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaponiýanyň «SPRIX Inc.» guramasynyň Halkara müdürliginiň başlygy Shinya Sayu bilen 15-nji maýda geçirilen duşuşykda bolsa ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly bilim we baha beriş hyzmatlaryny hem-de okuw maksatnamasyny işläp düzmek, Türkmenistanyň bilim ulgamynda TOFAS kämilleşdiriş synagyny girizmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak, emeli aň (AI) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.