
Täzelikler
279

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlyk teleýaýlymy bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Parahatlyk mekany - Garaşsyz Bitarap Türkmenistan” atly tegelek stoluň başynda aýdym-sazly baýramçylyk gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşikde Baş Kanunymyzyň aýratynlyklary, türkmen Baýdagynyň mukaddesligi barada täsirli çykyşlar edildi. Bu ýazga uniwersitetimiziň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Maýagözel Kullaýewa we talyplar Gülnäz Çaryýewa, Dawut Döwranow, Aýmuhammedow Annamuhammet işjeň gatnaşdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti