
Täzelikler
288

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly hem-de ýurdumyzyň her ýylyň 12-nji iýunynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň I tapgyry netijeli tamamlandy.
Guramaçylyk toparynyň berýän maglumatlaryna görä hasaba alnan gatnaşyjylardan I goşunda laýyklykda 600-e golaý dalaşgärler öz taslamalary baradaky prezentasiýalaryny (goşmaça wideoýazgylaryny) bäsleşige hödürlediler. Eminler topary tarapyndan taslama işler bahalandyryldy we 200-e golaý taslama saýlanyp alyndy. I tapgyrdan geçen taslama işler bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda II tapgyra gatnaşarlar we şonuň esasynda ýeňijiler saýlanar. Bäsleşigiň I tapgyrynda saýlanan işleriň sanawyny şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz!