
Täzelikler
243

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Merkezi we Günbatar Aziýa bölüminiň wekilleri bilen resmi duşuşyk geçirildi. Bu çäre «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň «ýaşyl» başarnyklaryň ösüşini pugtalandyrmak boýunça taslamasynyň çäklerinde guraldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar hünär we ýokary bilim syýasatyna hem-de strategiýalaryna «ýaşyl» başarnyklary we deňhukukly geçiş ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda öňde duran meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Halkara wekiliýetiň düzüminde Aziýa ösüş bankynyň sebitara hyzmatdaşlyk boýunça baş hünärmeni Zulfiýa Karimowa, maslahatçy Liliýa Kaçkinbaýewa we milli maslahatçy Waleriýa Danilçenko dagy boldy. Duşuşykda ýokary hünär bilimi ulgamyndaky milli strategiýalaryň hem-de okuw maksatnamalarynyň howanyň üýtgemegi baradaky borçnamalara laýyklygy seljerildi. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ekologik taýdan arassa we durnukly ösüş talaplaryna laýyk gelmegi babatda geçirilen seljermeleriň netijelerine garaldy.
Gepleşikleriň barşynda CAREC sebitindäki oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga aýratyn üns berildi. Bu ugurda talyplaryň we mugallymlaryň akademiki alyş-çalşyny işjeňleşdirmek, bilelikde ylmy makalalary taýýarlamak hem-de halkara maslahatlary guramak ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Mundan başga-da, täze dersler boýunça bilim standartlaryny işläp taýýarlamak we gysga möhletli okuw maslahatlaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda synag taslamalaryň çäklerinde uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda durnukly ösüşe we ekologiýa gönükdirilen ýörite okuw moduly işlenip taýýarlanyldy. Geljekde dörediljek «ýaşyl» başarnyklar boýunça sebitara merkez bolsa innowasion çözgütler we oba hojalygynda durnukly ösüş boýunça ylmy-barlaglaryň esasy ojagyna öwrüler. Çärdede Türkmenistanyň wekiliniň şu ýylyň baharynda Stambulda geçirilen CAREC-iň Başarnyklary ösdürmek boýunça iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmagynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özara bähbitli halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem ýurtda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy durnukly giňeltmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdiler.