
Täzelikler
161

2026-njy ýylyň maý aýynyň 16-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýatynyň çägindäki umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Açyk gapylar” güni geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň taryhy, institutda taýýarlanylýan ugurlar we hünärler barada, talyp ýaşlaryň döwlet we halkara derejesindäki ders bäsleşiklere, ylmy-taslama bäsleşiklerine gatnaşyp gazanýan netijeleri barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Bulardan başga-da, dabara gatnaşyjylar institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy we döredijilik işleri hem-de talyp durmuşyndan taýýarlanylan wideorolige tomaşa etdiler. Dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdymlar diňlenildi. Soňra, dabara gatnaşyjylar institutyň okuw-tejribe otaglary, olarda ýerleşdirilen enjamlar we ylmy-önümçilik merkezleri, kitaphana, sport zaly, umumy ýaşaýyş jaýy bilen giňişleýin tanyşdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty