
Täzelikler
157

2026-njy ýylyň maý aýynyň 16-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Parla ýaşyl baýdagym» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda konstitusion özgertmeler, Döwlet baýdagy barada, onda ýerleşdirilen her bir şekilleriň many-mazmuny barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlary halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny, Döwlet baýdagymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty