
Täzelikler
213

2026-nji ýylyň maý aýynyň 19-yna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Ýaşasyn türkmen-tatar dostlugy» atly aýdym-sazly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem-de Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşynyň taryhy ähmiýeti şeýle-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, ulag, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklary barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty