
Täzelikler
184

«Education World Forum 2026» forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň OpenAI kompaniýasy bilen bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmagyň amaly mümkinçiliklerine bagyşlanan işewürlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda esasy üns hyzmatdaşlygyň iki ugruna: bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin emeli aňy peýdalanmaga we okuwçylaryň, talyplaryň, mugallymlaryň hem-de dolandyryş işgärleriniň arasynda emeli aň sowatlylygyny ösdürmäge çekildi. Emeli aňa mugallymyň ornuny tutjak serişde hökmünde däl-de, eýsem okuw işini goldamak, maglumatlary seljermek, okatmagy şahsylaşdyrmak we karar kabul etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak guraly hökmünde garalýandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda bilimi sanlylaşdyrmak, elektron bilim platformalaryny ösdürmek hem-de okuwçylaryň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, okuw ýüklenmesi, bilim traýektoriýalary we okuwyň netijeleri baradaky maglumatlara esaslanýan seljeriş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şeýle maglumatlaryň okuwçylar we mugallymlar üçin has takyk şahsy teklipleri işläp düzmäge, baha bermegiň obýektiwligini ýokarlandyrmaga hem-de hünär ugrukdyrmasyna goldaw bermäge esas döredýändigi nygtaldy.
Mundan başga-da, OpenAI kompaniýasynyň wekilleri aýry-aýry bilim edaralarynda «ChatGPT Edu» ýa-da oňa meňzeş çözgütleri synag taslamasy hökmünde ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Maksatly toparlary saýlap almak, mugallymlary taýýarlamak, emeli aňy howpsuz peýdalanmagyň düzgünleri, maglumatlary goramak, akademiki arassalyk we şeýle gurallaryň bilim netijelerine edýän täsirine baha bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de taraplar emeli aňyň ornaşdyrylmagynyň okatmagyň hiline, okuwçylaryň özbaşdaklygyna, endikleriniň ösdürilmegine we okatmagyň netijeliligine ýetirýän hakyky täsirini derňemek maksady bilen, geljekki taslamalara ylmy-derňew bölegini girizmek mümkinçiligini hem gözden geçirdiler.
Geljekki ädimler hökmünde synag başlangyçlarynyň mümkin bolan görnüşlerini öwrenmek, bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem emeli aňy peýdalanmak boýunça amaly endikleri ösdürmäge gönükdirilen talyplar hakatonyny ýa-da beýleki çäreleri guramak mümkinçiliklerine garamak meýilleşdirildi.
Bu duşuşyk emeli aňy jogapkärçilikli peýdalanmak, sanly bilim analitikasy, mugallymlary taýýarlamak we geljekki zähmet bazary üçin zerur bolan döwrebap başarnyklary kemala getirmek babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklady.