
Täzelikler
467

2026-njy ýylyň maý aýynyň 20-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gurban baýramy mynasybetli “Gurban baýramy – agzybirligiň we sahawatlylygyň baýramy” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi dabaraly geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmeniň milliligini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen muzeý gymmatlyklarynyň, gadymy şaý-sepleriniň, zenanlaryň lybaslarynyň we el işleriniň, dutarçylyk, senetçilik sungatynyň sergisi uly ruhubelentlikde gurnaldy. Baýramçylyk dabarasynda türkmen milli tagamalary hem taýýarlanyldy. Dabaranyň dowamynda institutyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda gadymy baýramçylyklaryň biri bolan Gurban baýramy barada, ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz, millilik barada birnäçe söhbetdeşlikler hem geçirildi. Dabaradyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty