
Täzelikler
738

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, olimpiada 12 ýurduň 39 ýokary okuw mekdebinden jemi 140 talyp gatnaşdy. Olaryň hatarynda türkmen talyplary bilen birlikde, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň wekilleri bar.
Olimpiada onlaýn görnüşde geçirilip, ýörite internet platformasynyň üsti bilen guraldy. Gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlenen meseleler dünýä ykdysadyýetiniň nazary esaslaryny, halkara söwdany, halkara maliýe gatnaşyklaryny we dünýäniň ykdysady ösüşiniň häzirki zaman meselelerini öz içine alýar. Gatnaşyjylar berlen 120 minudyň dowamynda dünýä ykdysadyýeti dersine degişli 10 sany meseläni çözmek boýunça bäsleşdiler.
Halkara internet olimpiadasynyň jemleri boýunça birinji orna jemi 11 talyp mynasyp boldy. Şolaryň ikisi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr. Has takygy, olar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary Nursoltan Mämmedowa we Elnara Derbaşowadyr. Baýrakly ikinji orna mynasyp bolan jemi 22 gatnaşyjynyň 9-sy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr. Halkara olimpiadada ýurdumyzdan jemi 10 talybyň görkezen netijesi üçünji orna mynasyp görüldi.
Olimpiada «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýaşlaryň dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlary, halkara ykdysady gatnaşyklaryň mazmuny hem-de häzirki zaman ählumumy ykdysady ösüş meýilleri baradaky bilimlerine baha bermek maksady bilen guraldy. Ol zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň ykdysady bilimlerini çuňlaşdyrmaga hem-de ýokary hünär biliminde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
IV açyk halkara internet olimpiadasy oňa gatnaşyjylaryň dünýä ykdysadyýeti boýunça bilim derejesiniň ýokarlanmagyna, zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna ýardam etdi.