
Täzelikler
898

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gotfrid Wilgelm Leýbnis adyndaky Gannower uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga nemes ýokary okuw mekdebiniň Topragy öwreniş institutynyň professory Georg Gugenberger hem-de Ýer ulgamy ylymlary institutynyň ylmy işgäri Olga Şibistowa gatnaşdy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.
Halkara hyzmatdaşlyk çäresi ýurdumyzda oba hojalyk ulgamynda ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, pudaga sanly we «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen guraldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwrebap ekerançylyk ulgamyny kemala getirmek we täze agrotehniki usullary ulanmak barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary daşary ýurtly kärdeşleri bilen ekerançylykda has kämil tehnologiýalary ulanmagyň hem-de pudagy sanly ulgama geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar geljekde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylmy we amaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça anyk ugurlary kesgitlediler.