
Täzelikler
895

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Esasy Kanunymyz we döwlet nyşanlarymyz döwletlilik ýörelgelerimiziň ebediligini ykrar edýän milli buýsanjymyzdyr» diýen at bilen guralan bu çäre döwletlilik mukaddesliklerimize bolan belent sarpany ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda häzirki döwürde bellenilýän bu goşa baýramyň aýratyn many-mazmuna beslenýändigini aýratyn nygtadylar. Çykyş edenler adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyzyň hem-de parahatçylygyň nyşanyna öwrülen ýaşyl baýdagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň, halkymyzyň agzybirliginiň ebedi nyşanydygyny beýan etdiler. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň hukuk binýadynyň berkidilýändigi buýsanç bilen bellenildi.
Ylmy-amaly çäräniň dowamynda uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Ýokary okuw mekdebiniň zehinli ýaşlary özleriniň aýdymlarynda we sazlarynda eziz Diýarymyzy, döwlet nyşanlarymyzy, Esasy Kanunymyzy hem-de ýurtda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri uly joşgun bilen wasp etdiler.
Maslahatyň işi esasy ugurlar boýunça döwlet nyşanlaryna goýulýan sarpa, Konstitusiýanyň demokratik we hukuk esaslary, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek hem-de ylym-bilim ulgamyndaky täze tehnologiýalar ýaly mowzuklara bagyşlanan aýratyn bölümlerde dowam etdirildi. Bölümçe mejlislerinde talyplaryň we mugallymlaryň ylmy garaýyşlary diňlenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada hemişe alada edýän hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar hem-de alyp barýan tutumly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.